Biznes bilen meşgullanmak
Birleşen Patyşalygyň Söwda we Maýa Goýumlary (BPSMG) bölümi globalizasiýaň netijesinde döreýän mümkinçilikleri we meseleleri dogrusynda ýardam etmäge hem-de şolar bilen bir hatarda okgunly hereket etmäge taýýardyr. Biz bu işi Birleşen Patyşalykda hasaba alynan kompaniýalara öz gerimlerini daşary ýurtlara giňeltmäge we şol ýerlerdäki mümkinçiliklerden peýdalanmaklaryna ýardam etmek bilen hereket edýäris. Şeýle-de biz öňde baryjy daşary ýurt kompaniýalaryny özleriniň islegi boýunça global partnýor hökminde Birleşen Patyşalyga gönükdirilmegine ruhlandyrýarys.
Siz harytlary eksport etmekligiň gözlegindemi?
Biziň ekspertlik hyzmatlarymyzyň uly topary ikibara biznesleriň mätäçliklerine gönükdirilip, olaryň halkara üstünliklerini has ýokarlandyrmaga maksat edinendir. Birleşen Patyşalygyň kompaniýalaryna ýardam sahypamyz BPSMG bölüminiň siziň kompaniýaňyza hödür edip biljek ähli bilimi, maslahaty we praktiki goldawy bilen tanyş bolmaklyga mümkinçilik berer.
Siz Birleşen Patyşalykda maýa goýumyny goýmak isleýärsiňizmi?
Birleşen Patyşalygyň Söwda we Maýa Goýumlary (BPSMG) bölümi Birleşen Patyşalygyň pajarlap ösýän ykdysadyýetine daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary hilli maýa goýumlaryny getirmeklerine ýardam edýär, şeýle hem Birleşen Patyşalyk global biznesde üstünlik gazanmak üçin Ýewropada iň oňat ýer diýlip ykrar edilendir. Birleşen Patyşalykda biziň Söwda Maýa Goýumlarymyz sahypamyz hemme maýa goýujylary dürli etapdadyklaryna garamazdan belli bir maksada gönükmekleri üçin goldaw hem-de maslahat berýär.