• Birleşen Patyşalyk
  • 16:41 24 Noýabr 2009
  • |    Aşgabat
  • 21:41 24 Noýabr 2009

ILÇIHANANYŇ INTERNET SAHYPASYNYŇ TÜRKMEN DILINDÄKI GÖRNÜŞI BILEN TANYŞLYK (22/05/2006)

Baş sahypamyz

Beýik Britaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän ilçihanasy "Türkmenistanda britan gymmatlyklaryny we gyzyklanmalaryny belende götermeklige" niýetlenen, Daşary işler ministrliginiň eýeçiligindäki internet sahypasy bilen 2004-nji ýylda tanyşdyrypdy. Şol wagt hem internet sahypasynyň iňlis dilindäki görnüşi köpçülige hödürlenipdi. Soňra bolsa 2005-nji ýylda, ilçihananyň neşirýat we jemgyýetçilik işleri bölüminiň işgärleriniň ýadawsyz tagallalary netijesinde onuň rus dilindäki görnüşi köpçülige ýetirildi. Internet sahypalarynyň ýyllyk gözden geçirlişinde ýokary netije gazanylmagy hem-de bu bölümiň öňde goýan maksatlary netijesinde üç dillilik pikirine badalga berildi. Özüniň öňde goýan maksatlaryny doly amal etmek bilen, şu ýylyň başlarynda ilçihana internet sahypasynyň türkmen dilindäki görnüşini köpçülige ýetirip, giň köpçüligiň öz hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik berdi. Indi bolsa müşderiler, Beýik Britaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän ilçihanasynyň beýleki hyzmatlary bilen bir hatarda, ilçihananyň alyp barýan işlerinden we täzeliklerinden üç dilde hem peýdalanyp bilýärler.
 
Ilçihananyň durmuşa geçirýän işleriniň ençemesi www.britishembassy.gov.uk/turkmenistan internet sahypasynda beýan edilendir. Eger-de siziň bellikleriňiz, pikirleriňiz we haýyşlaryňyz bolsa, onda biz bilen telefon, faks ýa-da elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Redaktorlar uçin bellikler

 

Back to newsroom




Gözleg tärleri

Sahypaň başyna

Sahypaň başyna