• Birleşen Patyşalyk
  • 16:52 24 Noýabr 2009
  • |    Aşgabat
  • 21:52 24 Noýabr 2009

AJAÝYP NEBIT BURAWLAÝYŞ WYŞKALARYNYŇ SURAT SERGISI (22/05/2006)

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy, 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 2-8 aralygynda, Stýuart Holmes-iň surat sergisini gurady. Stýuart Holmes Türkmenistanda 2004-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan bäri "Baren Enerji" kompaniýasynda inžener bolup işleýär.
 

Surat sergisi

Bu serginiň başlangyjy baradaky hekaýa şeýleräkdir. Ilçihanamyzyň neşirýat we jemgyýetçilik işleri bölümi öz tanyşlarynyň birinden "Baren Enerji" kompaniýasynda işleýän britan inženeriniň Aşgabada we gezelenç eden beýleki ençeme ýerlerine degişli, örän ajaýyp suratlary düşürendigi barada telefonda söhbetdeş bolýar. Nebit burawlaýyş wyşkalary çynlakaý fotograf üçin adaty mowzuk däldi, şonuň üçinem bu telefon arkaly söhbetdeşlik syrlydy hem-de öwrenmäge degerlidi.
 
Şeýlelikde, biz Stýuartdan düşüren suratlaryndan birnäçesini ugratmagyny soradyk. Biz onuň işleýän nebit burawlaýyş wyşkalarynyň örän owadandygyny we ajayypdygyny görüp örän geň galdyk. Şeýle suratlary düşürmek üçin bar gerek zat dogry ýagtylyk, dogry tarapyndan düşürmek hem-de ýeterlik ukyp. Ýumorlap aýdanymyzda bolsa, biziň seretmän gapdalyndan geçip gidýän zatlarymyza Stýuartyň üns berýänligidir.
 

Sergide

Stýuart 14 ýaşyndan bäri surat düşürmeklik bilen meşgullanýar. Ol hemişe iş üsti bilen örän köp gezelençde bolup, başdan geçirmelere we täze ýurtlary görmeklige wagt tapanda daga-daşa dyrmaşmak, paraşutly dagdan bökmek, tigirli we uzak aralyga pyýada gezelenç etmek bilen hem meşgullanýar. Ol 60-dan gowrak ýurtda bolup gördi. Ol ýaňy-ýakynda bolsa, Birleşen Patyşalygyň daga dyrmaşyjy toparyndan kärdeşleri bilen demirgazyk Tibete, Ewereste ekspedisiýada boldy. Şol ekspedisiýada hem türkmen dostlaryny we işdeşlerini hormatlap Stýuart, dagyň ýokary belentliginde pasyrdatmak üçin öz ýany bilen türkmen baýdagyny göterdi.

Redaktorlar uçin bellikler

 

Back to newsroom




Gözleg tärleri

Sahypaň başyna

Sahypaň başyna