Biziň Türkmenistandaky iş edaramyz
Aşgabatdaky Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy ägirt uly taryhy gymmatlyklary bolan ýerde ýerleşýändigi üçin özüni bagtly hasaplaýar. Aşgabat gadymy Ýüpek Ýolunyň ugrunda hem-de “Bir müň bir arap gijesi” diýen hekaýanyň gelip çykan ýerinde ýerleşýär.
Taryhy ýerde ýerleşýändiginden başga-da, bu örän işli Ilçihanadyr. Ilçä işgärler düzüminiň BP-da ýaşaýan başga-da 3 sany agzasy hem-de, has möhümrägi, edara işe alynan ýerli işgärleriniň 10-sy tarapyndan goldaw berilýär. Elbet-de, sürüjiler, jaýy arassalaýjylar howpsuzlyk boýunça goragçylar ýaly beýleki işgärlerimiz hem bar.
Ilçihananyň üns merkezinde iki sany esasy maksat dur. Olar “Energiýa howpsuzlygy” hem-de “Ynsan Hukuklaryna Hormat Goýulmagy, Kanunçylyk Düzgüni, Gowy Dolandyryş hem-de Syýasy we sosial reformalar” babatyndaky örän dowamly, emma möhüm gürrüňdir. Ilçihananyň bilim, syýahatçylyk we biznes pudaklary boýunça Türkmenistandan BP-a gelýänleriň sanyny artdyrmak üçin ilçihananyň Wiza/Konsul bölümi hem bar. Az sanly bolsa-da, Türkmenistana gelýän ýa-da onuň içinden geçip gidýän Britan raýatlary konsulyň ýardam etmegi üçin Ilçihana gelip bilerler.
Ilçihananyň uly Metbugat we Jemgyýetçilik işleri Bölümi hem bar. Ol Ilçihananyň ähli işlerini we çärelerini işjeň geçirmäge hem-de Ilçihananyň gazananlary barada gowy gazet materiallaryny ýaýratmaga kömek edýär.
Biziň ýokarda belläp geçen maksatlarymyzy goldamak we olara ýardam bermek üçin nähili bolsa-da azrak fondy bolan Taslama Bölümimiz hem bar.
Galyberse-de, Ilçihananyň örän zähmetsöýer Dolandyryş Bölümi hem bardyr. Bu bölüm özlerine degişli maksatlary amala aşyrar ýaly gowy we amatly iş şertleriniň bolmagyny üpjün etmek arkaly beýleki hemme bölümleriň işine goldaw berýär.