Internet saýtymyza hoş geldiňiz
Aşgabatda ýerleşýän Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň internet sahypasyna hoş geldiňiz. Ilçihanaň baş maksady Türkmenistanda britan gyzyklanmalaryny we gymmatlyklaryny belende galdyrmakdyr.
Ilçihana köp ugurlarda işjeň hereket edýär. Biz Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda baglanyşyklaryna badalga berýäris, Türkmenistana syýahada gelmek isleýän britanlara maslahat berýäris, Birleşen Patyşalyk bilen söwda etmeklige, okamaklyga, baryp görmeklige, ýa-da biziň ýurdumyz barada bilmek isleýän türkmenlere gerekli maglumatlary berýäris. Biz ýurduň dürli künjeklerinde giň göwrümli taslamalary amala aşyrýarys. Ýurduň Demirgazyk künjeginde bal aryçylaryň tejribelerini ösdürmeklige hem kömek berdik. Günortada bolsa, daglyk obada arassa suw guýusynyň hem-de Owgan serhetinde narkotik jisimleriň garşysyna ulaglaryň barlanyş saraýynyň üpjünçiligini ýola goýsak, Hazar ýakasynda balykçylyk hojalyklaryny bejeriş enjamlary bilen üpjün etdik. Bu agzap geçenlerimiz ýönekeý adamlaryň durmuşyny kämilleşdirmäge täsir eden işlerimiziň diňe az sanlysydyr.
Medeni gatnaşyklarymyzam hiç bir çetde durmady. Türkmen Gyzyl Haç jemgyýeti bilen işleşip, biz geçen ýylyň 1-nji Dekabrynda Bütindünýä Ýardam Gününe bagyşlanyp geçirilen konserte hemaýatkärlik etdik. Biziň meýilnamalarymyz britan klassiki sazandalarynyň Türkmenistana saparyny, her welaýat merkezlerinde görkezilen britan kinolarynyň festiwalyny hem-de Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen "Britaniýa" baradaky surat bäsleşigini öz içine alýar. Şeýle hem, men Merwde gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýän, London uniwersitetinden britan arheologynyň işini belläp geçmek isleýän.
Ilçihananyň işleriniň köpüsi şu internet sahypasynda şöhlelendirilendir. Eger-de siziň bellikleriňiz, maslahatyňyz, pikirleriňiz ýa-da haýyşyňyz bar bolsa telefon, faks ýa-da elektron-hatyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Piter Buçer
Onuň Alyhezretleriniň ilçisi