• Birleşen Patyşalyk
  • 16:50 24 Noýabr 2009
  • |    Aşgabat
  • 21:50 24 Noýabr 2009

Klimatyň üýtgemegi

Klimatyň üýtgemegi baradaky hakykatlar örän elhençdir. Bu hakykatlar häzir hemmelere öz täsirini ýetirýär, olaryň geljekki nesillere ýetirjek täsiri bolsa has hem köp bolar.

Olaryň geljekdäki güýçli täsiriniň nähili boljakdygy barada şübheleriň bolmagy mümkin, emma  bütin dünýäde ýylylygyň  ýokarlanýandygy we onuň esasynda ynsanyň täsiri arkaly şitilhana gazlarynyň  artmagynyň ýatýandygy  baradaky ylmy ylalaşyk agdyklyk edýär. Dogrudan hem, ýaňy-ýakynda  beýan edilen ylmy subutnama tebigatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly  güýçli urgularyň biziň ilkibaşda pikir edişimizden hem güýçliräk we çaltrak bolmagynyň  mümkindigi barada pikir döredýär.

Bellige alynan iň ýyly ýyllaryň hemmesi hem  1994-nji ýyldan bäri ýüze çykdy. Soňky 150 ýylyň dowamynda  deňiz derejesi iki esse ýokary galdy. Arktikadaky baky doňaklyk erän ýagdaýynda  ummasyz köp möçberde  batgalyk  gazy (metan) howa goýberilip bilner. Amazoniýanyň tropiki tokaýlarynyň azalmagy  şol ýerleri şitilhana gazlaryny özune çekip alyjy sebitden olary howa goýberiji sebite  öwrüp biler. Aýratyn hem gurak pasylda ereýän garlardan we buzdan suw alynýan wagty uly suw ýetmezçilikleriniň bolmagy ähtimaldyr. Türkmenistan ýaly kontinental sebitleriň  howanyň gyzgynlygynyň ortaça derejeden ýokary galmagyndan ejir çekmekleri  mümkin. Hindi mussonlary  (durnukly şemal/ýagyş)  ýa-da golfstrim (ýyly okean akymy) ýaly  äpet klimat ulgamlaryna täsir edilip bilner.

Köp alymlar ýylylygyň artmagynda, aýratyn hem ХХ-asyryň  ortasyndan bäri bütin dünýäde ortaça temperaturanyň  ýokary galmagynda ynsan hereketleriniň uly faktor bolup durýandygy bilen ylalaşýarlar. Bu dünýäniň klimat boýuça işleýän ýüzlerçe öňde baryjy alymlarynyň halkara guramasy bolan Klimatyň Üýtgemegi Boýunça Hökümetara Toparyň (KÜBHT-IPCC) gelen netijesidir. KÜBHT bütindünýä ortaça temperaturalar şu asyryň dowamynda 1.4 °С -dan  5.8 °С -gradusa çenli ýokary galmagyny dowam eder.
                                                                       
Ortaça temperatura ýokary galdygyça bu bütin dünýäde barha we barha köp üýtgeşikliklere alyp barar. Dünýä näçe ýyladygyça klimatda şonça-da köp güýçli we weýran ediji beýleki üýtgeşiklikeriň bolmagy ähtimaldyr.

Emma klimatyň üýtgemeginiň nämedigini we onuň dünýädäki hemme adamlar üçin näme sepäpli möhümdigini köçeden ýöräp barýan köp adamlar bilmeýär. Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň klimatyň üýtgemegi boýunça gaýragoýulmasyz meseleler barada halkyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen tanyşdyryş ýygnaklaryny, hünärmenler bilen duşuşyklary, şonuň ýaly-da, ýerli mekdeplerde  synaglar we ýaryşlar geçirmek ýaly çäreleri yzygiderli geçirmeginiň sebäbi hem hut şonuň üçindir.

Klimatyň üýtgemegi barada habarly bolmaklyk meselesinde soňky ýyllarda geçirilen iň möhüm waka 2006-njy ýylda Aşgabadyň  merkezi bazarynda geçirilen meýdan sergisi boldy. Bu sergi ötegçilere işe ýa-da bazara barýarka bütin dünýäde ýylylygyň artmagynyň sebäpleri we täsirleri baradaky faktlar, hakyky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu sergi dünýäni üýtgedip gurmak maksady bilen senagat rewolýusiýasy ilkinji gezek  XVIII asyrda başlanandan  bäri klimatyň üýtgän ugruny görkezýän aýdyň susbutnama boldy.

Ýaňy- ýakynda 2008-nji ýylyň Aprelinde Türkmenistandaky Britan Ilçisi  ABŞ-yň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan guralan , daşky gurşaw meselelerine bagyşlanan konferensiýada maksatnamalaýyn söz sözledi. Klimatyň üytgemegi meselesiniň hötdesinden gelmek üçin ähli ýurtlaryň degişli çäreleri görmeginiň zerurdygy onuň sözlän sözuniň baş temasy boldy.

Britan Ilçisi 2008-nji ýylyň Maýynda Lebap welaýatynyň Turkmenabat şäherinde klimatyň üýtgemegi diýen tema boýunça  sergi gurady. Britan ilçisiniň Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynyň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etmegi, şeýle-de serginiň guralmagy we sowal-jogap bäsleşiginiň geçirilmegi bu geçirilen çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy.

Ilçihananyň  dürli ýerlerde geçirýän  sergi çäreleri, şonuň ýaly-da, beýleki köp çäreler ähli adamlaryň we ýurtlaryň klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ähliumumy meseläniň hötdesinden gelmek üçin işjeň ýagdaýa geçmeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, bu meseläni ilkinji nobatda goýmagyny geljekde-de dowam eder.




Sahypaň başyna